- lummurdamak
- işlik1) Lummur-lummur edip sesli esremek (düýe hakda).∙ Mes erkek lummurdap daşlady.2) Göçme manyda Lummur-lummur edip ses çykarmak, lummurdyly seslenmek, lokurdamak.∙ Başy serpinjekli mähnet çilim elden-ele gezdi, yzly-yzyna lummurdap esredi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Sergezdan diýseň sergezdan, büklüm-büklüm bolup towlanyp, lummurdap, çöle tarap akyp ýatyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.